Hil dolandyryş
“Nexia TurkmenExpert” öňdebaryjy türkmen maslahat beriş kompaniýalaryň biri bolup, onuň işi halkara standartlarynyň (ISO, GMP, HACCP, OHSAS we beýlekiler) talaplaryna laýyklykda her bir müşderiniň strategiki maksatlaryna we aýratynlyklaryna adaptirlenen häzirki zaman dolandyryş ulgamlaryny we usullaryny ulanmaga kärhanalara we guramalara ýardam we kömek bermäge gönükdirilen.
Topar aşakdaky ugurlarda maslahat hyzmatlaryny berýär:
- ISO 9001 standartynyň talaplaryna laýyklykda hil dolandyryş ulgamlaryny işläp düzmek we girizmek;
- ISO 14001 standartynyň talaplaryna laýyklykda daşky gurşawy dolandyryş ulgamlaryny işläp düzmek we girizmek;
- ISO 45001 (OHSAS 18001) standartynyň talaplaryna laýyklykda iş saglygy we howpsuzlygy dolandyryş ulgamlaryny işläp düzmek we girizmek;
- ISO 22000 (şol sanda НАССР) standartynyň talaplaryna laýyklykda iýmit önümleriň howpsuzlygyny dolandyryş ulgamlaryny işläp düzmek we girizmek;
- Saglygy goraýyş senagatynyň kärhanalary üçin ISO 9001, ISO 14644, ISO 13485 we GMP standartlarynyň talaplaryna laýyklykda integrirlenen dolandyryş ulgamlaryny işläp düzmek we girizmek;
- ISO / TS talaplaryna laýyklykda awtoulag senagatynyň kärhanalarynda HDU-ny işläp düzmek we girizmek;
- IDEF notasiýalaryny ulanyp, işewürlik proseslerini re-inženirlemek.