Gozgalýan emläge baha kesmek

Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 167-nji maddasyna laýyklykda: "Gozgalmaýan emläge degişli däl zatlar, şol sanda pul we gymmatly kagyzlar gozgalýan emläk diýlip ykrar edilýär."

“Nexia TurkmenExpert” gozgalýan emläkleriň ähli görnüşlerine baha kesýär, şol sanda:

  • ýük awtoulaglary we ýeňil awtoulaglar, öň ulanyşda bolan awtoulaglar we ýol-ulag heläkçiliginden soň
  • stanoklar we elektrik maşynlary, tehnologiki we göteriş-transport enjamlary, tehnologiki liniýalar
  • ýolagçy we demir ýol ulaglary
  • gurallar, senagat we hojalyk inwentary, ofis, öý we hasaplaýyş enjamlary
  • harytlar

Maşynlar we Enjamlar

Maşynlara we enjamlara baha kesmek, bu obýektlere emläk hukugyny döretmek, üýtgetmek we ýatyrmak bilen baglanyşykly dürli geleşikler ýüze çykanda talap edilýär. Maşynlara we enjamlara baha kesmek zerurlygy, emläk hukuklarynyň üýtgemegi bilen baglanyşykly bolmadyk käbir beýleki ýagdaýlar sebäpli hem ýüze çykyp biler, mysal üçin, esasy fondlary gaýtadan bahalandyrmak, ätiýaçlandyryş, girew, esaslyk maýasyna goýumlar, maýa goýum maksatlary, işewürligiň ýatyrylmagy we ş.m.

Baha kesme işiniň bu görnüşi, gozgalýan emläk obýektleriniň ähli görnüşleriniň: stanoklaryň, gurallaryň, kompýuterleriň, tehnologiki toplumlaryň we önümçilik liniýalarynyň, elektrik agregatlaryň, guramaçylyk enjamlaryň, mebeliň, ofis enjamlaryň, öý goşlaryň we beýleki gozgalmaýan emläge degişli obýektleriň bahasyny kesgitlemegi öz içine alýar. Ekspertiza geçirilende, hünärmen bazardaky analog-obýektleriň (meňzeş obýektleriň) bahasyny kesgitleýär, bahalandyrylýan obýektiň könelmegini we onuň ulanylmagyndan ýa-da satylmagyndan girdeji almak mümkinçiligini kesgitleýär. Bahanyň gutarnykly ululygy sanalan faktorlaryň hemmetaraplaýyn seljermesiniň esasynda kesgitlenýär.

Enjamlara baha kesilende könelişme faktory möhüm orny tutýar, enjamlar gozgalmaýan emläk bilen deňeşdirilende has çalt depginde köneleşýär. Esasan, hünärmen fiziki we funksional taýdan dürli derejede könelişen enjamlar bilen iş salyşmaly. Enjamlar bazary örän strukturlanan we üýtgeýjilikli, bu ýagdaý könelişen enjamlaryň ýerine täze görnüşleriniň emele gelmegi we yzygiderli täzelenmegi arkaly ýüze çykýar. Bu enjam ýaşaýyş tapgyrynyň haýsyndadygyny hem göz öňünde tutmaly.

Maşynlara we enjamlara kwalifisirlenen baha kesmegi amala aşyrmak üçin kompaniýamyzyň müşderileri aşakdaky resminamalary bermeli:

  • Obýektiň doly ady: kysymy, modeli, seriýasy;
  • Öndüriji – zawod (firma);
  • Öndürilen ýyly;
  • Maşynlar we enjamlar üçin inwentar kartoçkalarynyň göçürmeleri, şu aşakdaky maglumatlar hökman bolmaly: inwentar belgisi, işe göýberilen senesi, kody we amortizasiýa derejesi, başlangyç bahasy (işe girizilen senesi boýunça bahalar) - eýesi ýuridiki tarap bolsa;
  • Maşynlaryň we enjamlaryň bahalandyryş senesindäki balans bahasy barada Buhgalterçilik şahadatnamasy (dikeldiliş bahasyny, könelmäniň jemini we göterimini hem-de galyndy bahasyny görkezmeli) – eýesi ýuridiki tarap bolsa;
  • Tehniki pasportlaryň göçürmeleri ýa-da ýok bolsa, obýektiň tehniki häsiýetnamalary (kuwwaty, agramy, ölçegleri, geçen ýoly, öndürijiligi, we ş.m. – tehniki resminamalara laýyklykda);
  • Geçirilen konserwasiýa we abatlaýyş işleri (böleklerini, agregatlaryny çalyşmak, kämilleşdirmeler) barada maglumatlar.