Biz barada
Nexia Turkmenistan toparynyň taryhy öz gözbaşyny 1997ý., ýagny Türkmenistanda bazar ykdysadyýetiniň emele gelmeginiň başyndaky döwürden alyp gaýtýar. Topar 27 ýyldan gowrak wagt bäri professional işinde birnäçe özgerişlikleri amala aşyrdy we häzirki wagtda Türkmenistanda Nexia markasy bilen işleýän kompaniýalar topary hökmünde tanalýar. 2021-nji ýylyň 12-nji awgustyndan başlap, topar, garaşsyz audit, buhgalteriýa we konsalting kompaniýalarynyň öňdebaryjy halkara tory bolan “Nexia International”-yň agzasydyr, www.nexia.com. Häzirki wagtda “Nexia International”-yň 125-den gowrak ýurtlarda 790 ofisleri bar we 26 000-den gowrak professional we kwalifisirlenen işgärleri hem-de dünýä boýunça 270-den gowrak agza-firmalarynda 3 470 hyzmatdaşlary birikdirip, buhgalteriýa-konsalting boýunça torlaryň dünýä reýtinginde 13-nji orny tutýar.
Nexia TKM-iň işi üç esasy hyzmat ugurlary öz içine alýar:
Audit: | auditorçylyk işine degişli we maliýe audity boýunça professional hyzmatlar; |
Konsalting: | işewürlik/maýa goýum meýilnamasyny düzmek we maslahat bermek, dolandyryş konsaltingi (şol sanda strategiki konsalting we marketing derňewleri), hukuk we salgyt konsaltingi, buhgalteriýa autsorsingi, şeýle hem Türkmenistanda biznes guramaçylygy we işewürlik meseleleri boýunça täjirçilik we korporatiw maslahat beriş; |
Baha kesmek: | emlägiň gymmatyna baha kesmek, bahany kesgitlemek boýunça seljerme geçirmek we baha kesmek ugruna degişli professional hyzmatlar. |
Nexia TKM-iň halkara kwalifikasiýalary: RICS (Diplomirlenen baha kesijileriň Patyşalyk Instituty, London, www.rics.org), CMC (Dolandyryş boýunça sertifisirlenen maslahatçy, ICMCI, www.cmc-global.org), CAP (Sertifislenen Hasapçy-hünärmen, ECCAA, www.eccaa.org), şeýle hem ACCA-nyň (Diplomly we Sertifisirlenen Hasapçylaryň Assosiýasiýasy), London, www.accaglobal.com), ESOMAR-yň (www.esomar.org) we “Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşmesi” Milli Jemgyýetçilik Birleşiginiň agzalary bolan kwalifisirlenen we tejribeli hyzmatdaşlary we hünarmenleri birikdirýär, bu bolsa türkmen bazarynda professional etikanyň düzgünlerini berjaý edip hem-de professional iş ugrunyň halkara standartlaryny ulanyp, netijeli işi üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
Topar şeýle hem Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň (EBRD) akkreditasiýa proseduralaryny geçdi we Türkmenistanda kiçi we orta işewürlik üçin hyzmatlary üpjün etmekde pre-kwalifisirlenen.
![]() |
Nexia TKM-iň işiniň özeni, mümkin bolan iň gysga wagtyň içinde professional hyzmatlary üpjün etmek arkaly müşderiniň isleglerini kanagatlandyrmakdyr. Şu maksatlar bilen Toparda ISO 9001 we ISO 27001 halkara standartlarynyň talaplaryna laýyklykda Hil Dolandyryş Ulgamy we Maglumat Howpsuzlygy girizildi, şeýle hem ISO 20700 talaplarynyň ulanylýandygynyň öz-özünden deklarasiýasy bildiriş edildi.