Meýletin audit

Meýletin audit – bu kanun tarapyndan talap edilmeýän, emma, kompaniýanyň ýolbaşçysynyň ýa-da direktorlar geňeşiniň talaby boýunça geçirilýän audit. Meýletin audityň möçberi auditor bilen müşderiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygy bilen kesgitlenilýär. Meýletin audityň dowamynda, biziň kwalifisirlenen auditorlar toparymyz siziň hasaplaryňyzy barlaýar. Bu, bir ýyldan beýleki ýyla çenli bolup geçen üýtgeşmeleri seljermegi, siziň buhgalteriýa hasaby boýunça amallaryňyzyň, esasan hem barabarlygyny, esasy maglumatlara esaslanan saýlama synagy we auditorlyk yzyny emele getirýän subutnamalary gözden geçirmegi öz içine alýar. Biz, siz üçin has möhüm bolan soraglara ünsi jemlemäge mümkinçilik berýän belli bir tabşyrygy saýlap alarys.

Bu ugurda biziň hyzmatlarymyz şu aşakdakylary öz içine alýar:

  • korporatiw sosial jogapkärçilik (KSJ) barada hasabatlar;
  • etika we talabalaýyklyk boýunça hasabatlar;
  • hasabat syýasatyna syn we ony taýýarlamak;
  • inwentarizasiýa proseduralary;
  • aktiwleri we passiwleri barlamak;
  • zähmek hakyny hasaplanyşynyň we zähmet hakyny hem-de sosial tölegleri tölenişiniň dogrudygyny barlamak;
  • buhgalteriýa hasabynyň aýratyn obýektleriniň audity.