Ýörite audit
Ýörite maksatly audit – bu, ýörite belli bir maksat üçin geçirilýän auditdyr, meselem karz ýa-da grant baradaky ylalaşygyň talaplaryna laýyklykda taslamanyň maliýe hasabatlylygynyň audity. Taslamanyň maliýe hasabatlylygynyň audity – bu taslamanyň maliýe hasabatlylygynyň, her hasabat ýylynyň ahyrynda maliýe ýagdaýy we indiki ýyllarda pul serişdeleriniň hereketini ähli möhüm nukdaýnazarlardan takyk görkezýändigi, kreditor üçin kanagatlanarly bolan buhalter hasabatynyň standartlaryna laýyklykda tamamlanandygy barada auditora öz pikirini beýan etmäge mümkinçilik berýän prossesdir. Audit, şeýle hem, grant serişdeleriniň niýetlenişini laýyklykda ulanylandygyny we taslamanyň, karz ýa-da grant baradaky ylalaşykda görkezilen talaplara laýyk gelýändigini barlaýar. Biziň şeýle taslamalar boýunça gowy bilimimiz we tejribämiz bar, biz hemişe kiçi we orta işewürligiň taslamalaryndan başlap, uly infrastruktura taslamalary bilen hem tamamlap, halkara maliýe guramalary we donorçylyk gaznalary bilen işleşýäris.
Bu ugurda biziň hyzmatlarymyz şu aşakdakylary öz içine alýar:
- halkara maliýe guramalary (Bütindünýä Banky, Ýewropanyň Ösüş we Täzeleniş Banky (ÝTÖB), ABŞ-niň Halkara Ösüş boýunça Agentligi (ABŞ HÖA), Aziýanyň Ösüş Banky (AÖB) we beýlekiler) tarapyndan maliýeleşdirilýän taslamalar boýunça ýörite maksatly hasabatlaryň audity;
- ýuridik şahsyň tertipnama gaznasynyň hakyky emele gelşini barlamak;
- içerki gözegçilik ulgamynyň we onuň netijeliliginiň audity;
- pul serişdeleriniň niýetlenişi boýunça ulanylyşyny barlamak.