Gozgalmaýan emläge baha kesmek

Gozgalmaýan emläk erkin raýat dolanşygyndadyr we dürli söwda amallarynyň obýekti bolup durýar, bu bolsa onuň gymmatyna baha kesmek zerurlygyny döredýär.

Bilermenleriň nukdaýnazaryndan, gozgalmaýan emläge baha kesmegiň esasy maksady bahanyň talap edilýän görnüşini kesgitlemek we bahalandyrylýan obýektiň bahasy barada bitarap netijenamany düzmek bolup, şonuň bilen bilelikde, garaşsyz gyzyklanmaýan tarap hökmünde hereket etmekdir. Ýöne islendik baha kesme onuň mazmuny ýa-da netijäniň manysy nukdaýnazaryndan mana eýe bolmakdan ozal, ol özüniň ýüze çykmagynyň sebäbine – müşderi tarapyndan kesgitlenen maksada eýe bolmaly. Gozgalmaýan emläge baha kesmegiň maksady, barabar baha kesme bazasyny (bahanyň görnüşini) saýlamakda we şoňa laýyklykda baha kesme prossesinde ulanylýan belli bir çemeleşmeleri, usullary saýlamakda kesgitleýji faktordyr.

Gozgalmaýan emläge baha kesmek, emlägi eýeçilikden aýyrmak boýunça geleşiklerden ozal, gozgalmaýan emlägi kärendesine geçirmezden, kärhananyň esaslyk maýasyna goşant hökmünde goşmakdan, emläk bölmekden ozal, girewli karz almak we ş.m.

Ýaşaýyş üçin niýetlenen gozgalmaýan emläge baha kesmek üçin zerur resminamalar:

  • Eýesiniň pasporty, äriniň (aýalynyň) pasporty;
  • Nika baglaşylandygy hakynda şahadatnama ýa-da RÝNÝ edarasyndan raýatlyk ýagdaýy barada kepilnama;
  • Eýeçilik hukugyna esas (satyn almak we satmak, sowgat, miras şertnamasy, eger özbaşdak gurlan bolsa - ulanyşa kabul etmek hakynda delilnamasy);
  • Gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy baradaky şahadatnamasy;
  • Tükelleýiş (inwentar) işi;
  • Öý kitaby;
  • Emlägiň gadaganlykda durmaýandygy barada Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan berlen, Döwlet sanawynyň bellige alyş kitabyndan Göçürmesi;
  • Ýer bölegine bolan hukugy, eger bar bolsa (hususy jaýa baha kesilýän bolsa).

Täjirçilik gozgalmaýan emläge baha kesmek üçin zerur resminamalar (fiziki taraplar):

  • Patent, hasaba alyş şahadatnamasy + girdeji barada deklarasiýa (bar bolsa);
  • Eýesiniň pasporty, äriniň (aýalynyň) pasporty;
  • Nika baglaşylandygy hakynda şahadatnama ýa-da RÝNÝ edarasyndan raýatlyk ýagdaýy barada kepilnama;
  • Eýeçilik hukugyny esaslandyrýan resminama (satyn almak-satmak, sowgat bermek, miraslyk şertnamasy, eger özbaşdak gurlan bolsa - ulanyşa kabul etmek hakynda delilnamasy);
  • Gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy baradaky şahadatnamasy;
  • Ýer bölegine bolan hukugyň resminamasy;
  • Tükelleýiş (inwentar) işi;
  • Emlägiň gadaganlykda durmaýandygy barada Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan berlen, Döwlet sanawynyň bellige alyş kitabyndan Göçürmesi.

Täjirçilik gozgalmaýan emläge baha kesmek üçin zerur resminamalar (ýuridiki taraplar):

  • Esaslandyryş resminamalary (tertipnama, Ýuridiki şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürme, hasaba alynandygy hakyndaky şahadatnamasy, statistiki hasaba alyş kartoçkasy, ýuridiki tarapyň rekwezitlary, ygtyýarnama, “Türkmenstandartlary” BDG-dan alnan şahadatnamalary);
  • Direktoryň pasporty, onuň wezipä bellenilmegi baradaky buýruk, ynanç haty (şahamçalar üçin);
  • Buhgalterçilik resminamalary (maliýe hasabatlygy, başlangyç we galyndy gymmaty, amortizasiýasy);
  • Eýeçilik hukugyny esaslandyrýan resminama (satyn almak-satmak, sowgat bermek, miraslyk şertnamasy, özbaşdak gurlan bolsa - ulanyşa kabul etmek hakynda delilnamasy);
  • Gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy baradaky şahadatnamasy;
  • Tükelleýiş (inwentar) işi;
  • Emlägiň gadaganlykda durmaýandygy barada Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan berlen, Döwlet sanawynyň bellige alyş kitabyndan Göçürmesia;
  • Beýleki maliýe we hojalyk resminamalary (talap boýunça).

Goşmaça aragatnaşyk, inženerçilik ulgamlary, kärendeçiler we ş.m. boýunça resminamalar talap edilip bilner.