Maýa goýum konsaltingi
“Nexia TurkmenExpert”, kompaniýanyň maýa goýum syýasatyny işläp düzmek, aktiwlerini ulanmak prosesini optimizirlemek, şeýle hem maýa goýum taslamalary üçin işewürlik meýilnamalaryny düzmekde ýardam etmek görnüşinde daşky maýa goýumlaryny çekmek boýunça birnäçe hyzmatlary hödürleýär.
Işlenip düzülen işewürlik meýilnamasy täjirçilik işiniň düşewüntlilik derejesini hasaplamaga we esaslandyrmaga mümkinçilik berýär, onuň taýýarlyk prosesinde aşakdaky amallar ýerine ýetirilýär:
- bazar derňewiniň netijeleri görkezilýär;
- maýa goýum meýilnamasy düzülýär (goýum ugurlary, maliýeleşdirmäniň seljermesi);
- dolandyryş meýilnamasy düzülýär (dolandyryş ulgamy, ştat ululygy we işgärleriň kwalifikasiýasy);
- önümçilik meýilnamasy düzülýär (önümçilik iş tertibi, önümiň özüne düşýän bahasyny hasaplamak, baha syýasaty);
- maliýe modelleşdirme, taslamanyň ykdysady netijeliligine baha bermek;
- töwekgelçilik faktorlarynyň beýany we olary azaltmak üçin geçiriljek çäreleriň meýilnamasy düzülýär;
- situasion derňewiň geçirilendigi barada hasabat düzülýär.