FDD (maliýe ekspertiza)

“Due Diligence” işini geçirmek, kompaniýanyň alyp barýan işi we maliýe ýagdaýy barada doly we hemmetaraplaýyn düşünje almaga mümkinçilik berýän, işewürligi öwrenmegiň hazirki zaman usulyýetlerine esaslanan toplumlaýyn çemeleşmäni öz içine alýar.

“Due Diligence” geçirmek üçin esaslar

  • Kompaniýany satmak/satyn almak
  • Kompaniýanyň maýa goýum özüne çekijiligini bahalandyrmak
  • Gymmatly kagyzlaryň gazna bazarynda köpçülige hödürlenmegi
  • Birleşmek we birikdirmek
  • Bilelikdäki edarany döretmek
  • Täjirçilik karzy
  • Kontragentiň ygtybarlygyny barlamak

“Due Diligence”-iň maksady

  • Bar bolan we bolup biljek telekeçilik töwekgelçiliklerini ýüze çykarmak, olaryň kompaniýanyň alyp barýan işine ýetirip biljek täsirini kesgitlemek
  • Inwestor üçin indiki maglumaty aýan etmek:
    • maýa goýum obýektiniň hakyky maliýe-ykdysady işjeňligi;
    • maliýe we salgyt töwekgelçilikleriň gymmaty;
    • aktiwleri we umuman biznesi ýitirmek töwekgelçilikleri;
    • işewürligiň hakyky gymmaty;
    • işewürligiň pul akymyny emele getirmek ukyby.

“Due Diligence”-iň wezipeleri

  • Hukuk ekspertizasy
  • Maliýe ekspertizasy
  • Salgyt ekspertizasy
  • Korporatiw ekspertizasy
  • Taslama ekspertizasy
  • Maýa goýum obýektine baha kesmek