Hukuk hyzmatlary

Merkezi Aziýanyň iň möhüm ykdysadyýetleriniň biri hökmünde, Türkmenistan ep-esli mineral baýlyklara eýe we nebit-gaz, himiýa önümleri we beýleki gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň uly eksport edijisidir. Türkmenistanyň ykdysadyýeti elektroenergetika, himiýa we nebithimiýa, nebiti we gazy öndürmek hem-de gaýtadan işlemek, gurluşyk materiallary we gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, dokma we azyk önümçiligi, oba hojalygy ýaly dürli pudaklarda ýöriteleşen kärhanalaryň bolmagy bilen diwersifikasiýalaşdyrylandyr. Uglewodorod pudagy öňdebaryjy orny tutýar, sebäbi ýurt dünýäde subut edilen tebigy gaz gorlary boýunça dördünji orunda durýar.

Şeýle dinamiki sebitde işleýän müşderilerimize, işewürlik maksatlaryna ýetmek we üstünlikleri gazanmak üçin halkara tejribesi bolan we ýerli şertleri bilýän hyzmatdaş zerur. Mineyev&Dubrovina şereketi (Nexia TurkmenExpert Toparynyň agzasy) müşderilere dürli amallar boýunça maslahat berýär we Türkmenistanda amaly we ykdysady taýdan netijeli hukuk maslahatlary bilen birlikde netijelige gönükdirilen çözgütleri hödürleýär. Toparymyz, Türkmenistanyň ösýän hukuk binýady baradaky çuňňur bilimleri Nexia-nyň global tejribesi bilen üstünlikli birleşdirýär.

Biz hyzmatlary mydamalyk we/ýa-da biziň her bir müşderimiz üçin şahsylaşdyrylan çemeleşme üpjün edip, aýratyn sargyt boýunça bermäge taýýar.

Biziň hyzmatlarymyz şulary öz içine alýar:

  • Hukuk we salgyt konsaltingi
  • Geleşikleri tertipleşdirmek we goldamak (M&A)
  • Aktiwlere hukuk we salgyt ekspertizasyny geçirmek (Due Diligence)
  • Hukuk resminamalary düzmek we barlamak
  • Ylalaşyklary taýýarlamak we barlamak
  • Korporatiw proseduralara we müşderileriň işine hukuk goldawy
  • Türkmenistanda firmalaryň (ýuridiki şahslaryň) döredilmegine ýardam bermek
  • Hukuk/salgyt/korporatiw/taslama audit barlagy

Biz şu aşakdaky pudaklarda işleýäris:

  • Energetika we tebigy resurslar
  • Gozgalmaýan emläk we gurluşyk
  • DHH/infrastruktura taslamalary
  • IP, tehnologiýalar we aragatnaşyk
  • Üýtgedip gurmak, restrukturizasiýa we bankrotlyk
  • Bank işi we maliýe, maýa goýumlar
  • Hususy korporatiw işewürligi
  • Zähmet soraglary
  • Salgyt we gümrük soraglary