Biznese (kärhana), IE we MDA baha kesmek
Kärhana baha kesmek, umuman, kärhananyň bazar bahasyny ýa-da paýyny kesgitlemekdir.
Raýat hukuklarynyň obýekti hökmünde kärhana, edara görnüşli tarapyň ýa-da emläk toplumynyň işine gatnaşýan ähli obýektlere eýeçilik hukugynyň toplumy hasaplanýar.
Kärhana – işewürligi amala aşyrmakda ulanylýan emläk toplumy. “Kärhanalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasyna laýyklykda Kärhana hökmünde önüm öndürmek, harytlary ýerleşdirmek, ýerine ýetirilýän işler we bitirilýän hyzmatlar üçin jemgyýetiň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak we girdeji almak maksady bilen döredilýän ykdysady işiň özbaşdak subýekti hasaplanýar.
Baha kesmek işi geçirilende, kärhana bitewi ulgam hökmünde seredilýär, onuň elementleri hökmünde bolsa emläk we oňa bolan eýeçilik hukugy bolup durýar.
Kärhana we işewürlik harydyň ähli häsiýetlerine eýedir we söwda gatnaşyklarynyň obýekti bolup biler. Emma, bular aýratyn görnüşli harytlar we şonuň üçin olara baha kesmegiň öz modelleri, usullary we çemeleşmeleri bar.
Kärhana baha kesmek – bu girdeji getirmäge ukypli aktiwleriň toplumy hökmünde kompaniýanyň bahasyny kesgitlemekdir. Kärhana baha kesilende ähli aktiwleriň: gozgalýan we gozgalmaýan emlägiň, ulaglaryň we enjamlaryň, ammardaky ätiýaçlyklaryň, maliýe maýa goýumlarynyň, maddy däl aktiwleriň bahasy kesgitlenilýär. Mundan başga-da, kärhananyň işiniň netijeliligi, onuň öňki, häzirki we geljekde garaşylýan maliýe akymlary, ösüş perspektiwalary we bazardaky bäsdeşlik gurşawy aýratyn bahalandyrylýar. Mümkin boldugyça baha kesilýän kompaniýany özüne meňzeş kärhanalar bilen deňeşdirme geçirilýär.
Kärhana baha kesmek işi geçirilmeginden öň deslapky soraglar:
- kärhana haýsy strategiki maksatlary öňe goýýar (ýaşamak ýa-da ösmek);
- kärhananyň önümine satyn alyjylyk hyrydarlygy barmy, bazaryň bu sektorynda bäsdeşlik güýçlimi we pudakda hyrydarlygyň hem-de bäsdeşlik göreşiň derejesiniň garaşylýan ýagdaýy nähili;
- kompaniýanyň önüminiň bahasyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik barmy;
- kärhananyň we onuň ykdysady düzüm birlikleriniň häzirki maliýe ýagdaýy.
Kärhana baha kesmek şu aşakdaky maksatlar bilen geçirilýär:
- kompaniýanyň bölekleriniň satyn alynan-satylan halatyndaky bahalaryny kesgitlemek;
- kärhananyň karz alan halatynda onuň bahasyny kesgitlemek;
- kärhananyň ösüşi boýunça dolandyryş kararlaryny kabul etmek;
- kärhanany gurluşuny üýtgetmek (restrukturizasiýa);
- maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmek.
Maddy däl aktiwlere we intellektual eýeçilik obýektlerine baha kesmek ýokary tehnologiýaly pudaklaryň kärhanalary üçin aýratyn möhümdir. Uly we belli kompaniýalar üçin, maddy däl aktiwleriň gymmaty kärhananyň umumy bahasyna ep-esli goşant goşýar. Olaryň hakyky gymmatyny bilmek we olary ussatlyk bilen ulanmak arkaly kompaniýanyň bazardaky ornuny ep-esli derejede berkitmek mümkin.
MDA we IE baha kesmek hyzmatlary işewürlik abraýyna/keşbine (goodwill), brende, maglumata, söwdä nyşanyna we hyzmat belgisine, awtorlyk hukuklaryna, oýlap tapyşlara, ygtyýarnamalaryna, nou-hau (know-how), patentine, maglumat bazalaryna, programma üpjünçiligine we beýlekilere baha kesmegi öz içine alýar.