Inžiniring we tehniki konsultasiýalar

“Nexia TurkmenExpert” şeýle hem inžener gözlegleri boýunça hyzmatlary we şu aşakdakylar ýaly tehniki maslahatlary berýär:

  • önümçilik desgalarynyň, obýektleriň we enjamlaryň howpsuz ulanylmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly tehnologiki we tehniki-kadalaşdyryjy resminamalary, tehniki çözgütleri (talaplar, şertler), tehniki-ykdysady esaslandyrmalary, tehnologiki reglamentleri, tehniki we tehnologiki kadalary we standartlary işläp düzmek;
  • maýa goýum tehniki-ykdysady esaslandyrmalary, şol sanda aýry-aýry bölümler (maliýe-ykdysady, tehniki-tehnologiki, ekologiki, institusional we beýlekiler) boýunça taslamanyň öň ýanyndaky resminamalary işläp düzmek;
  • daşky gurşawy goramak boýunça kadalaşdyryjy resminamalary işläp düzmek, şol sanda atmosferany we akwatoriýany hapalaýjy maddalaryň rugsat berilýän mukdaryny kesgitleýän delilnamalary işläp düzmek, daşky gurşawa ýetirilýän täsire baha bermek boýunça işler we ekologik pasportlary işläp düzmek.