Stažirowka

Biz ýokary okuw jaýlarynyň talyplaryna we uçurymlaryna “Nexia TurkmenExpert”-iň aşakdaky iş ugurlary boýunça stažirowka geçmäge mümkinçilik berýäris: audit, dolandyryş, maliýe we hukuk konsaltingi.

Stažirowkanyň dowamynda Siz Toparyň esasy iş ugurlary, her bir department (bölüm) tarapyndan berilýän aýdyň meseleler we hyzmatlar bilen tanyşarsyňyz. Tejribeli hünärmenleriň ýolbaşçylygynda Siz Toparyň taslamalary boýunça işlere girişersiňiz we köpugurly tejribe we amaly başarnyklara eýe bolarsyňyz.

Bizde stažirowka geçmek – diňe bir dostlukly toparda özüňi kämilleşdirmäge oňat mümkinçilik bolman, eýsem Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň hakyky pudagy bilen tanyşmak we täze aragatnaşyklar edinmek üçin hem gowy mümkinçilikdir.

Siziň içiňizde iň ökdeleriňiz stažirowkany üstünlikli tamamlandan soň, biziň doly işleýän işgärlerimiz bolar.