Hökmany audit

Hökmany audit hyzmatlary kompaniýanyň maliýe hasabatlylygynyň we resminamalarynyň ygtybarlygy barada garaşsyz pikir bermek üçin kompaniýanyň paýdarlary bilen bellenilýän daşky auditorlar tarapyndan üpjün edilýär. Bu audit kanuna ýa-da kompaniýanyň buhgalteriýa hasabynyň esaslaryny, düzgünlerini we etikasyny düzgünleşdirýän kanuna laýyklykda talap edilýär. Biziň audit işinde uly we netijeli tejribämiz bar. Senagatyň dürli pudaklaryna degişli bu buhgalteriýa hasabaty we salgyt salma ugurlarynda biziň işgärlerimiziň çuňňur bilimleri bar. Biz siziň maksatlaryňyza bellenilen wagtda ýetmäge mümkinçilik berýän usulyýeti işläp düzdik.

Bu ugurda biziň hyzmatlarymyz şu aşakdakylary öz içine alýar:

  • MHHS-e we milli standartlara laýyklykda maliýe hasabatlylygyň audity;
  • maliýe hasabatlylygy bilen baglanyşykly synlary we ylalaşylan amallary ýerine ýetirmek;
  • çylşyrymly amallary hasaba almagyň dogry usullaryny barlamak;
  • daşarky taraplardan alnan maglumatlaryň garaşsyz derňewi (maliýe syn);
  • içerki gözegçilik ulgamy we maglumatlary gaýtadan işlemek ulgamlaryndaky kemçilikleri aradan aýyrmak boýunça teklipler.