2022ý. netijeleri boýunça seminar-trening

2022-nji ýylyň 4-nji fewralynda TürkmenEkspert kompaniýasynyň ofisinde, işgärler hem-de Kompaniýanyň welaýatlardaky wekilleri üçin bir günlik seminar-trening (okuw tälimi) geçirildi. Okuw tälimiň mowzugy 2022-nji ýylda baha kesmek boýunça aktual soraglary ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirildi. 2022-nji ýylyň jemi boýunça öňdebaryjy welaýatlar yglan edildi, olaryň içinde Mary welaýaty öňdebarmagy dowam etdirýär. Gazanylan netijeleriň esasynda, 2022ý. örän gowy ýerine ýetirilen işler üçin minnetdarlyk yglan edildi we baýraklar berildi. Okuw tälimiň ahyrynda, 2023ý. işi meýilleşdirmek boýunça meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.