Bize 26 ýyl

Biz 2024-nji ýylyň başynda bolup geçen täzeligi begenç bilen paýlaşmak isleýäris, bu ýyl “TurkmenExpert” Toparynyň döredilenine 26 ýyl boldy. Toparyň taryhy öz gözbaşyny 90-njy ýyllaryň ahyryndan, ýagny Türkmenistanda bazar ykdysadyýetiniň emele gelmeginiň başyndaky döwürden alyp gaýtýar. Dowamlylygy 26 ýyldan gowrak professional işjeňliginde, Topar birnäçe özgerişikleri geçirdi we häzirki wagtda Türkmenistanda “Nexia TurkmenExpert” brendi astynda tanalýar. 26 ýyllyk ýubileý, Toparyň ähli agzalaryny 2024-nji ýylyň 24-nji fewralynda jemledi we kompaniýanyň ýakyn dostlarynyň we hyzmatdaşlarynyň arasynda belläp geçildi.