TYB 2023 Konferensiýasy

2023-nji ýylyň 07-nji oktýabrynda Aşgabat şäheriniň Ak Altyn myhmanhanasynyň konferensiýa zalynda soňky dört ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Ykdysatçylar Birleşmesiniň alyp baran işini jemleşdirýän nobatdaky TYB konferensiýasy geçirildi. Konferensiýada TYB bölümleriniň wekilleri Birleşmäniň ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda gazanan ünstünlikleri barada gürrüň berip, doklad bilen çykyş etdiler. TYB Baha kesijiler bölüminiň ýolbaşçysy Sergeý Mineýew, 2019-2023ýý. aralygynda Bölümiň alyp baran işi we üstünlikleri barada gürrüň berdi. Şeýle-de, TYB Maslahatçylar Bölüminiň ýolbaşçysy Daniil Maýakowskiý, hasapçylaryň iň uly bölümine ýolbaşçylyk edýän Gülsoltan Seýisowa we beýleki bölümleriň ýolbaşçylary doklad bilen çykyş etdiler. Ykdysatçylar Birleşmesi 2019-2023ýý. aralygynda, käbir ýyllaryň halkara derejesinde koronawirus pandemiýasy döwrüne gabat gelendigine garamazdan, ägirt uly işi ýerine ýetirdi.

TYB-niň alyp barýan işleri barada has giňişleýin maglumatlar bilen şu salgylanma arkaly tanşyp bilersiňiz.