DHMG forumy, 2024

2024-nji ýylyň 2-3-nji maýynda Daşkentde (Özbegistan) üçünji Daşkent halkara maýa goýum (DHMG) forumy geçirildi. Şu ýyl “Tashkent City Congress Hall” 100-den gowrak ýurtdan gelen 2500-den gowrak gatnaşyjy ýygnady.

DHMG forumy – bu diňe bir Özbegistan üçin däl, eýsem tutuş sebit üçin hem giň gerimli wakalardan biridir. Onuň maksatnamasyna adatça şular girýär: döwlet baştutanynyň derejesinde umumy mejlis, 50-den gowrak bilermenleriň diskussion duşuşyklary, köpçülikleýin pikir alyşmalar, tegelek stollar we b2b gepleşikleri.

Türkmenistany forumda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekillerinden ybarat delegasiýa wekilçilik etdi. “The Trade Connect Central Asia +” atly tegelek stolunda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Joraýew S.A. çykyş etdi, ol öz çykyşynda daşary ýurt ykdysady işjeňliginiň iň möhüm strategiki ugry bolan Türkmenistan bilen Merkezi Aziýa we Azerbaýjan ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada aýdyp geçdi.

Nexia Türkmenistan Toparynyň adyndan, foruma dolandyryjy hyzmatdaş Sergeý Mineýew gatnaşdy, ol Türkmenistanda we Merkezi Aziýa sebitinde hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän işewür hyzmatdaşlar we halkara maýadarlar bilen geçirilen birnäçe diskussion duşuşyklaryna gatnaşdy.