TYB BKB-niň nobatdaky ýygnagy

2023-nji ýylyň 08-nji iýulynda Görogly köçesiniň ugrunda ýerleşýän täze ofisinde, TYB-nyň Baha kesijiler bölüminiň nobatdaky ýygnagy geçirildi. Ýygnak däp boýunça TYB-nyň başlygy Aronskiý Ý.A. tarapyndan açyldy, soňra bolsa çäräniň gün tertibi şu aşakdakylary öz içine aldy:

  • Bölümiň 2023ý. birinji ýarym ýyllygyndaky alyp baran işi;
  • Prezentasiýa: Intellektual eýeçilige baha kesmek we maddy däl serişde hökmünde hasaba almak hakynda Düzgünnama (dokladçy: Topbakow Rejep, TYB-nyň agzasy, “Türkmen Ekspert” kompaniýanyň wekili);
  • Prezentasiýa: “Gozgalmaýan emlägiň obýekti” üçin aýratyn raýat-hukuk dolanyşygy (dokladçy: Hojiýew Mergen, TYB-niň agzasy, “Ynamly Ekspert” kompaniýanyň wekili);
  • Tegelek stol: TYB-nyň BKB-niň Bilermenler geňeşi – Türkmenistanda baha kesmek tejribesinde aktual meseleler.

TYB-nyň BKB-niň guramaçylyk meseleleri we 2023ý. ikinji ýarym ýyllygy üçin iş Meýilnamasy.