TYB-de “Tegelek stol” duşuşygy

Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşmesiniň edara binasynda, 20.04.2024ý. senesinde Hasapçylar bölümi tarapyndan gurnalan “Tegelek stol” duşuşygy geçirildi.

Çäräniň maksatnamasy aşakdaky esasy mowzuklary öz içine aldy:

1.   ÝUNKTAD-yň we BMG ÝYK-nyň bilelikdäki Sebitleýin çäresi bilen tanyşlyk "Milli maliýeleşdirmegiň integrirlenen mehanizmlerine tarap: durnukly ösüşi durmuşa geçirmek, Gündogar Ýewropada, Günbatar Balkanlarda, Kawkazda we Merkezi Aziýada kadalaşdyryjy gurallary".
2.   Tanyşdyryş çykyşy “Gymmatly kagyzlaryň bazary. Maýanyň bazarlary: Türkmenistanda işewürlik üçin maýa goýum ýatyrmagyň we serişdeleri çekmegiň alternatiw usullary ", Jeren Baýramowa, “El Enaýy” HJ.
3.   Işgärler bilen bagly aktual meseleler. Wera Sadyhýan, “Beýik ýüpek ýoly” HK-nyň baş hukukçysy we 2005-nji ýyldan bäri “Cipa-En” programmasynyň “Hukuk” kursynyň tälimçisi.

Tegelek stoluň dowamynda, hasapçylyk-maslahatçylyk hünäriniň işjeňliginiň Türkmenistandaky amaly aktual meseleleri boýunça hem pikir alşyldy.