«Gozgalmaýan emläge baha kesmek» okuw-kursy

2023-nji ýylyň 14-nji martyndan 1-nji iýun aralygynda “Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşmesi” (TYB) Milli jemgyýetçilik birleşiginiň professional baha kesijiler bölümi, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Ykdysadyýet we biznes mekdebi” bilen bilelikde “Baha kesmek işiniň esaslary. Gozgalmaýan emläge baha kesmek” professional ugry boýunça okuw-kursuny gurnadylar. Okuw-kursunyň tälimçisi hökmünde TYB-nyň Baha kesijiler bölüminiň agzasy Topbakow Rejep çykyş etdi. Okuwyň netijesinde diňleýjiler YBM-nyň sertifikatlaryny aldylar, şunuň esasynda olar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan baha kesijiler üçin geçirilýän hünär synagyna resminalaryny tabşyryp bilerler. Okuwy, Türkmenistanda professional baha kesmek işine gyzyklanma bildirýän diňleýjileriň jemi 40-sy geçdi.