NEXTLAW Network by Dentons
2024-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda “Nexia TurkmenExpert” Toparynyň “Mineyev & Dubrovina” şereketi NEXTLAW Referral Network halkara tory tarapyndan ykrar edildi we oňa kabul edildi. Bu tor 2016-njy ýylda döredilip, dünýäniň iň uly hukuk firmasy Dentons tarapyndan dolandyrylýar. Tor, agza – hukuk firmalaryna netijeli hyzmatdaşlyk etmäge, müşderilere bolsa dünýäniň dürli künjeklerinde, dürli tejribe ugurlarynda iň oňat hukuk firmalary bilen işleşmäge mümkinçilik berýän täze tehnologik platformanyň esasynda guruldy. Tor hukuk firmalarynyň gözlegini we aragatnaşyk salgylaryny üpjün edýär we üçünji taraplaryň synlaryny öwrenmek esasynda, şeýle hem Chambers & Partners, Legal 500, Best lawyers, Who’s who legal we beýleki belli agentliklerde we neşirlerde olaryň reýtinglerini göz öňünde tutup, olaryň hyzmatlarynyň hilini barlamak arkaly tertipleşdirýär.