Nexia hepdeligi 2023

Däp boýunça biziň Nexia torumyz her ýyl bileleşik, dostluk we tory global taýdan öňe sürmek maksady bilen, bir hepdäniň dowamynda toryň agzalary bilen Nexia Gününi belläp geçýär.

Bu ýyl şol güni iýul aýynyň 17-den 21-i aralygyna düşdi we Nexia, tutuş dünýäde Nexia Gününi bellemäge ýardam etmek üçin birnäçe global başlangyçlary (inisiatiwalary) gurnady. Toruň agzalarynyň garamagynda dürli haýyr-sahawat çäreleri, seminarlary geçirilýär we sosial ulgamlarda neşirler edilýär.

Nexia TurkmenExpert hem bu çärelere gatnaşdy we umumy işe öz goşandyny goşdy. Türkmen toparynyň adyndan toruň ähli agzalaryny şeýle ägir uly çäre bilen tüýs ýürekden gutlaýarys we biz umumy toparymyzyň agzasydygymyza guwanýarys.

Global krizise garamazdan, Nexia tory ösmegini dowam edýär we buhalterçilik-konsalting kompaniýalaryň dünýä reýtinginde 12-nji ornuny saklaýar