Ýyllyk seminar-trening

2023-nji ýylyň 16-njy dekabrynda “Nexia TurkmenExpert” Topary, Toparyň ähli işgärlerini we welaýatlarda işleýän agentlerini birikdiren bir günlük seminar-treningini geçirdi. Ara alyp maslahatlaşylan esasy meseleleri Toparyň 2023-nji ýyldaky işleriniň netijeleri we gazananlary boldy. Üstünlikleriň arasynda Toparyň “Nexia International”-da A Kategoriýaly agza bolmagyny we şunuň bilen baglanyşykly 2024-nji ýylda Türkmenistanyň bazarynda pozisionirlenmegi we rebrending meseleleri bellemek bolar. 2023-nji ýylyň netijeleri boýunça minnetdarlyklar yglan edildi we ýetip gelýän 2024-nji ýyl üçin meýilnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.