TYB MB-niň ýyllyk ýygnagy

2023-nji ýylyň 28-nji oktýabry. Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşmesiniň Maslahatçylar (konsultantlar) bölümi professional maslahatçy-agzalarynyň ýyllyk ýygnagyny geçirdi. Ýygnagy Birleşmäniň başlygy Ýuriý Aronskiý açdy, soňra bolsa Bölümiň ýolbaşçysy Daniil Maýakowskiý çykyş etdi.

Ýygnakda gürrüňdeşlikleriň esasy mowzuklarynyň biri TYB-nyň MB-niň kabul eden täze etiki kodeksi boldy. Täze kodeks boýunça prezentasiýalary Maral Seýitniýazowa, Sergeý Mineýew we Daniil Maýakowskiý geçirdiler.

Şeýle-de ýygnagyň netijeleri boýunça indiki çözgütler kabul edildi:

  1. 2024-nji ýylyň 1-nji ýarymýyllygy üçin TYB MB geçiriljek çäreleriň meýilnamasy yglan edildi;
  2. TYB-nyň MB-niň professional ösüşi boýunça Komitet düzüldi (4 adam);
  3. TYB-nyň MB-niň marketing boýunça Komiteti düzüldi (3 adam).