TYB-nyň BKB-niň ýyllyk ýygnagy

2023-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşmesiniň (TYB) ofisinde TYB-nyň baha kesijiler bölüminiň agzalarynyň gatnaşmagynda ýyllyk umumy ýygnagy geçirildi. Ýygnagyň dowamynda Bölümiň 2023-nji ýylda alyp baran işiniň jemi jemlendi.
Prezentasiýa bilen çykyş etdiler:

   • Mineýew S.W., TYB-nyň BKB-niň ýolbaşçysy: “Türki dilli döwletleriň baha kesijileriniň 2-nji halkara forumynyň jemleri”;
   • Bekmyradow M., Haýtek Kompaniýasynyň Direktory: “Baha kesijiler üçin bazary öwrenmegiň guraly hökmünde Parsing we maglumatlaryň seljerilişi”.

Soňra TYB-nyň BKB-niň Bilermenler geňeşiniň gatnaşmagynda, 2023-nji ýylda TYB-nyň BKB-niň işi boýunça soraglara, 2024-nji ýylyň birinji ýarymýyllygynda guramaçylyk meselelerine we iş meýilnamalaryna bagşlanan tegelek stol gurnaldy.
Ýygnagyň jemleýji böleginde TYB-nyň BKB-niň ýolbaşçysy S.W. Mineýew 2023-nji ýylda TYB-nyň BKB-niň iş meseleleri, 2024-nji ýylyň birinji ýarymynyň guramaçylyk meseleleri we iş meýilnamasy hakynda netijeleri jemledi.
TYB-nyň baha kesijiler bölümi, hyzmatlar bazarynyň ösüşine aktiw gatnaşmagy we baha kesijileri bilim taýdan kämilleşdirmegi dowam edýär hem-de Türkmenistanda baha kesme işiniň halkara standartlara we tendensiýalara laýyk gelmegi üçin halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýär.