Türkmen dilinde BKHS-iň 3-nji neşiri

2021-nji ýylyň iýulynda Baha kesmegiň halkara standartlary baradaky geňeş (BKHSG) 2022-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda güýje giren, Baha kesmegiň halkara standartlarynyň täze neşirini çap etdi. 2016-njy ýyldan bäri BKHSG-niň resmi agzasy bolan “Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşmesi” (TYB) milli jemgyýetçilik birleşigi 2021-nji ýylyň 23-nji awgustyndan BKHSG bilen TYB-nyň arasyndaky ygtyýarnama ylalaşygy esasynda BKHS-ni türkmen diline terjime etmäge we çap etmäge hukuk aldy. 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda TYB-nyň ähliumumy Konferensiýasynda täze halkara standartlaryň terjime edilen türkmen dilindäki görnüşi beýan edildi, bu bolsa Türkmenistanda baha kesme işiniň professional ösüşi üçin ýene bir uly waka boldy. BKHS-iň bu neşiri Baha kesmegiň halkara standartlarynyň türkmen diline terjime etmek däbini dowam etdirýär we eýýäm üçünji neşir bolup durýar (BKHS 2017-i standarty ilkinji gezek 2018-nji ýylda terjime edildi (TYB), ikinji neşiri bolsa 2020-nji ýylda). Türkmen baha kesijileri tarapyndan öz işlerinde BKHS-iň täze görnüşini ulanmaklary baha kesmek hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrar we şoňa görä-de, baha kesmek professional iş ugruna bolan ynamy umuman berkider.