TDBKBG-niň 2-nji Forumy

2023-nji ýylyň 13-15-nji noýabrynda Ankarada (Türkiýe) Baha kesijileriň 2-nji Halkara forumy geçirildi. Bu uly göwrümli pudaklaýyn çäre öz meýdançasynda dürli ýurtlardan 300-den gowrak ekspertleri birleşdirdi.
Çäräniň guramaçysy bolup, Türki döwletleriň baha kesijiler birleşmeleriniň geňeşi (TDBKBG) we Türkiýäniň baha kesijiler assosiýasiýasy (TDUB) çykyş etdiler. Forumy geçirmegiň maksady baha kesme pudagynda halkara hyzmatdaşlygy berkitmek we iň gowy tejribeleri alyş-çalyş etmek boldy.
Häzirki wagtda TDBKBG-niň düzümine türki dilli sebitden ýedi döwletleriň baha kesijileriniň professional birleşmeleri girýär, olardan doly hukukly agzalary – Azerbeýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkiýe hem-de assosirlenen (synçy) agzalary Demirgazyk Kipr we Türkmenistan.
Türkmenistanyň Ykdysatçylar Birleşmesiniň (TYB) adyndan, çärä Sergeý Mineýew gatnaşyp, ol Türkmenistanda professional baha kesmek iş ugrunyň kämilleşmegi we baha kesmek işiniň hukuk dolandyryş ulgamy barada prezentasiýa bilen çykyş etdi.
Umuman, Ankarada geçirilen baha kesijileriň 2-nji Halkara forumy baha kesmek dünýäsinde wajyp waka öwrüldi we bu pudagyň hünärmenleriniň professional ösüşi we kämilleşmegi üçin täze gözýetimleri belläp geçdi.
Baha kesijileriň 3-nji Halkara forumy 2024-nji ýylyň maýynda Bakuwda geçiriler. Bu wajyp sebitleýin çäre öňkiden hem köp gatnaşyjylary özüne çekjegdigine garaşylýar. Forumda baha kesmegiň häzirki meseleleri, şeýle hem bu pudagyň täze tendensilýalary we ösüş perspektiwalary ara alyp maslahatlaşylanar.