10-njy Işewürlik meýdançasy
2024-nji ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşmesiniň Maslahatçylar bölümi, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky (ÝTÖB) bilen hyzmatdaşlykda kiçi we orta telekeçiligiň ýolbaşçylary üçin “Işewürlik meýdançasyny” gurady. Işewürlik meýdançasy “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirildi.
“Işewürlik meýdançasy” – bu, telekeçileriň işewürlik meseleleri boýunça iň täze maglumatlary almak mümkinçiligine eýe bolan we iş dolandyryş ulgamyny döretmäge kömek edip biljek ýerli maslahatçylar bilen duşuşyk geçirilýän ýeridir.
Bu eýýäm 10-njy duşuşyk bolup, “Türkmenistanyň telekeçilik işinde halkara tejribesini netijeli durmuşa geçirmek” onuň mowzugy boldy. Bu gezek, telekeçiler türkmen işewürliginde eýýäm üstünlikli amala aşyrylýan halkara işewürlik gurallaryna: işewürligi awtomatlaşdyrmak, maýa bazarlary, elektron B2B satuwlary, autsorsing we autstafing, şeýle hem ökde hasapçy tapmak ýaly möhüm maglumatlary aldylar. Şeýle hem, ýörite niýetlenen bir sagadyň dowamynda, telekeçiler maslahatçylara özlerini gyzyklandyrýan soraglary bermäge, häzirki möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga we işewür aragatnaşygyň (networking) çäginde bilelikdäki çözgüdi kabul etmek boýunça mümkinçilikleri aldylar.